[heni:z]
Häzire çenli, şu çaka deňiç, entek, şindi, häli.
Ýok, ol heniz gelenok. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)
Onuň heniz görmedik jaýlary oňa örän geň bolup görünýärdi. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)
Aýylganç bombalaryň oýup taşlan ýerleri heniz oňly tekizlenenok. («Sowet edebiýaty» žurnaly)