hemişelik

[hemi:şelik]

Az wagtlykça däl, müdümilik, mydamalyk, elmydamalyk, düýpleýin, baky.

  • Seniň beýniňde orun alan bozgaklyk, elbetde, hemişelik. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Bolmanda-da men seniň bu ýerde hemişelik däldigiňi bilýärin. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Uly il ondan hemişelik dyndy. (A. Gowşudow, Eserler)

  • Gel, indi ikimiz hemişelik dost bolaly! (Myraly)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem hemişelik - hemişeligi.