hemişekilik he‧mi‧şe‧ki‧lik

[hemi:şekilik]

Şol bir boluşdakylyk, şol öňkülik, şol bir ýagdaýdalyk, adatdakylyk.

  • Onuň hemişekiligi-hä däl! -- diýip, Bäşimiň ýüzüne sowally seretdi. (J. Akyýew, Mergeniň ogly)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem hemişekilik - hemişekiligi.


Duş gelýän formalary
  • hemişekiligi
  • hemişekiliginde
  • hemişekiligini
  • hemişekiligiň
  • hemişekiligiňe