hek

  1. Hek daşynyň üstüne suw guýup ýakmak arkaly taýýarlanylýan kalsiý oksidi, ak reňk madda.

    • Sen şu gün hemme baglaryň düýbüne hek çalyp hem dermanlap çyk. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

  2. Hat ýazmak, çyzgy çyzmak we ş. m. üçin ulanylýan ak reňk madda.

    • Nazar bolsa eline hek alyp, mugallyma garaşdy. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

hek etmek

  1. Doly ýerine ýetirmek, berjaý etmek;.

  2. Kül etmek, ýok etmek.

    • Wah, jan oglum, ony gurçuk iýip hek eder! (N. Pomma, Egri Eýikmez)