heň 1 at

Belli bir saz owazyny emele getirýän, sazlaşykly çykýan ses.

  • Bagşy ilki bilen pessaý heňe tutup, Nowaýydan birnäçe heň aýtdy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Özüniň köne tamynda arkaýyn heň edýän ogluna Garlynyň gahary geldi. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)

  • Heňini bilseň «Mürzeweli» hem bir aýdym. (nakyl)

bir heň gaçyrmak

Saz guralynda bir heňi ýerine ýetirmek, bir heň çalmak.

bir heňe tutmak

Şol bir aýdan zadyňy gaýtalap oturmak, başgalaryň aýdanyna gulak asmazlyk.

heň çekmek

Hiňlenip aýdym aýtmak.

heň 2 at

Zaýalanyp, çüýräp, nemli zadyň ýüzünde emele gelýän kerebe meňzeş çygly pos, mikroskopik kömelekler, pilis.

  • Olar heň basan çöreklerini torbalaryndan çykardylar.


Duş gelýän formalary
  • heňde
  • heňden
  • heňdir
  • heňe
  • heňem
  • heňi
  • heňimiz
  • heňin
  • heňinde
  • heňinden
  • heňine
  • heňini
  • heňiniň
  • heňiň
  • heňiňde
  • heňiňe
  • heňiňi
  • heňiňize
  • heňler
  • heňlerde
  • heňlerden
  • heňlere
  • heňleri
  • heňleridi
  • heňlerinden
  • heňlerine
  • heňlerini
  • heňleriň
  • heňleriňizi
  • heňli
  • heňsiz