heýkel1

Çeperçilik bilen çekilen göwrümli şekil, skulptura ýadygärligi.

  • Garry daýhan dik dur, göýä bir heýkel. (R. Seýidow, Bagtlylar)

heýkel2

Gartaşan aýallaryň gerdenlerinden aşyryp ýanyn dakynýan gaýyş gapjygy.

  • Asypdyr boýnundan köne heýkeli. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  • Ýylmatan dörtgoşma bilezigi etlek bileklerine dakynyp, kümüşli heýkeli ýanyn dakyndy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)