heý1

Hiý, hiý-de, asyl, eýsem, düýbünden.

  • Aý Poşy, heý ol günlerem ýatdan çykarmy? (A. Gowşudow, Eserler)

  • Heý şeýle-de bir at bolarmy, Röwşen gyz ady ahyry! -- diýip gülşerdiler. («Görogly» eposy)

  • Muny heý-de taşlap geçip bolarmy?

heý2 ümlük

[he:ý]

Biri çagyrylanda ýa-da birine ýüzlenilip gygyrylanda ulanylýan ses-ümlük.