heçjiklemek işlik

  1. Okalanda sözleri bogna bölüp sakynyp, üzlem-saplam aýtmak.

    • Oglanjyk haty açyp, üzlem-saplam edip, heçjikläp diýen ýaly okamaga başlady. (A. Gowşudow, Powestler We Hekaýalar)

    • Halyçylar hakynda- diýip, heçjikläp okamaga başlady. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

  2. Göçme manyda Bir aýdanyňy zol gaýtalap durmak, gep çintgemek.