[ha:w]
Aýdylýan pikiri has takyklamak, ynandyrmak üçin ulanylýan sözsoňy kömekçi.
Wasiliý tapylgysyz ýigit haw! («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Bir habary eşitdirmek, bir zat barada habar bermek maksady bilen uzagrakdan gygyrylyp aýdylýan sesi aňladýan söz.
Ertir arçyn seçiljekdir-le, haw! (A. Gowşudow, Saýlanan eserler)
It üýrende ýa-da it üýren ýaly edilip biri gorkuzyljak bolnanda çykýan ses.
Bir gezek «haw» edemde, «wä-ä» diýip gygyranyň ýadyňda barmy?! (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)