[ha:ty:rjemlik]
Biri ýa-da bir zat barada bütinleý arkaýynlyk, aladasyzlyk, pikir etmezlik.
Ol töweregine ýalt-ýult edip: -Ä, hüm, meniň hüýr-perim, töwerek hatyrjemlikmi? -- diýdi. («Türkmen pýesalary»)
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem hatyrjemlik - hatyrjemligi.