hatyrdatmak işlik

Hatyrdyly ses çykarmak, hatyrdyly seslendirmek.

  • It süňki hatyrdadyp gemirdi.

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýar goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem hatyrdatmak - hatyrdadýar, hatyrdadar, hatyrdadypdyr.