hatdat hat‧dat

[hatda:t]

Könelişen söz Hata ökde, sowatly, kalligraf.

  • Obadaş, sen hem menden hatdat dälsiň! (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)

  • Indi hatdat ýigitler köpelipdir. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem hatdat - hatdady.


Duş gelýän formalary
  • hatdadam
  • hatdady
  • hatdatlar
  • hatdatlara
  • hatdatlaryň
  • hatdatlyk
  • hatdatlykdan