hat

  1. Bir zat hakda habar bermek, mälim etmek üçin ýazylyp iberilýän tekst.

    • Çar tarapa hat ýollady. («Görogly» eposy)

  2. Ýazuw-pozuw, hat-sowat, ýazuw.

    • Men hat işini gowy başarman. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

    • Tapdym bir hat bilýäni, Oňa arza ýazdyrdym. (Ata Hyýazow, Şygyrlar)

  3. Bir zady tassyklaýan dokument.

    • Aşgabada iberilýäniň barada men seniň eliňe möhürli hat bereýin. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

dil haty

Bir zada boýun bolup ýazylyp berilýän hat.

düşündiriş haty

Bir wakany, meseläni we ş. m. berýan edip ýazylyp berilýän hat.

hatdan galmak

Görmän, hat okamak başarjaňlygy gitmek.

hormat haty

Işde, okuwda we ş. m. tapawutlanýan adamlara berilýän dokument.