hasaplanmak işlik

[hasa:planmak]

  1. Hasap edilip görülmek, hasaby alynmak, jemi çykarylmak, jemlenmek, sanalmak.

    • Bu üç süriniň hem iň howplusy ortaky bilen sag tarapdakysy hasaplandy. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

  2. Bir zadyň ýa-da biriniň hatarynda görülmek, saýylmak, deňelmek.

    • Men redaksiýanyň köneräk işgärlerinden hasaplansam-da, bu adamyny ilkinji gezek görüpdim. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

    • Annam çal örän agyzly arçynlardan hasaplanýardy. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)