hasaplamak işlik

[hasa:plamak]

  1. Hasap edip görmek, hasabyny almak, jemini çykarmak, jemlemek, sanamak.

    • Boýdan-başa hasaplap, alypbirin hakyňy. (A. Kekilow, Saýlanan eserler)

    • Böwrüni diňläp hasaplasa, gelenine üç aý bolupdyr. («Görogly» eposy)

  2. Deň hasap etmek, saýmak, deňemek.

    • Zelili öz ülkesini edil gözüniň göreji hasaplapdyr. («Edebiýat»)