hasaplaşmak işlik

[hasa:plaşmak]

  1. Hasabyny alyşmak, jemini çykarylmak, jemleşmek, sanaşmak.

  2. Algy-bergiňi hasap edip üzülişmek.

    • Galanyny bolsa ýeneki ýyllarda hasaplaşarys gideris. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

    • Emläk bilen hasaplaşmaly bolanda, ol ýene-de şol köne hasaby tutdy. (G. Kulyýew, Köpetdagyň Aňyrsynda)

  3. Göçme manyda Aryňy almak, aryňy ýerine salmak.

    • Hop, bolýar-da, wagt geler, seniň bilen hasplaşaryn! (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)