hasap at

[hasa:p]

  1. Bir zadyň san bilen aňlanýan netijesi.

    • Küşt 5: 3 hasaby bilen gutardy.

  2. Arifmetika we onuň dört amaly boýunça işlenýän ýumuş, çykarylmaly mesele.

    • Ol çagalaryň birine hasap öwredip oturdy. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)

    • Sapar mekdepdekä hasaba ýeserdi. («Türkmen Pýesalary»)

  3. seret hasabat

    • Aýsoltan: --Menden hasap soramaga seniň näme hakyň bar? -- diýdi. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

  4. Gepleşik dili Okuw jaýlarynda geçilýän sapagyň ady, matematika.

    • Okuwçylar hasap sapagynda mesele çözdüler.

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem hasap - hasaby.

hasap etmek

  1. Hasaplap netijesini bilmek, jemlemek.

    • Agtygynyň ýygan pagtasyny öz içinden hasap edip, at ýatagyň bir ýan çetinde ýapynyň bir bölegi ýaly bolup, çilim çekip otyrdy. (G. Gurbansähedow, Ýürek Daş Däl)

  2. Özüňi bir zada deňemek, şol bir zat diýip bilmek, saýmak.

    • Sen düýnki günden özüňi arçyn hasap ediber! (A. Gowşudow, Powestler We Hekaýalar)

    • Durdy Nyýazbegi örän şowhun gürrüňçi bir adam hasap edýärdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)