[hasa:]
Agsak ýa gary adamlaryň aýagyna söýget üçin göterinýän taýagy, söýgetlik üçin ýere direlip ýörelýän taýak.
Garly gelip, özüniň demir hasasyny hemişeki goýýan ýerinde tärime gysdyryp goýdy. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)
Kimdir biri elindäki uzyn hasasyny tyrkyldadyp, edil sekiniň erňegine çenli geldi. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)
Kör hasasyny bir aldyr. (nakyl)
[ha:sa]
Esasan medisinada ulanylýan inçejik ýalaňgat ýüplükden dokalan ýukajyk ak nah mata.
Ol boýnundan tä biline çenli ak hasa bilen saralgy. (B. Pürliýew, Ilkinji gün)
[ha:sa]
Guşuň sütük ýaly ýelegi.
Hasa ýassyk.