harasat

[harasa:t]

  1. Tozan gatyşykly güýçli ýel, gaý, tupan.

    • Güýçli harasat turup, çöwşi gazygyn gopardy. (A. Kekilow, Saýlanan eserler)

    • Gije çapgyn şemal harasat turzup, Agyr gary ýerden göge sowurýar. (B. Kerbabaýew, Aýlar)

  2. Gowga, jenjel, uruş, söweş.

    • Sen alyny gara, şol harasat gopan ýylda, özüň nämedigiňi tanadyp gitdiň. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)

    • Duşmanyň başynda gopdyrys harasat. (N. Pomma, Saýlanan eserler)

  3. Göçme manyda Adamda ýüze çykýan güýçli alada, howsala.

    • Onuň gyzgyn çaýdan, agyr aýdan çygjaran tenine biraz şemal çalsa-da, ýüreginden turan harasada ondan teselli bolmady. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem harasat - harasady.


Duş gelýän formalary
  • harasada
  • harasadam
  • harasady
  • harasadym
  • harasadyna
  • harasadyndan
  • harasadyny
  • harasadynyň
  • harasadyň
  • harasatda
  • harasatdan
  • harasatdyr
  • harasatlar
  • harasatlara
  • harasatlardan
  • harasatlaryndan
  • harasatlarynyň
  • harasatlaryň
  • harasatly
  • harasatlylyk
  • harasatsyz
  • harasatsyzlyk