haraplatmak işlik

[hara:platmak]

  1. Harap etdirmek, bibat etdirmek, sandan çykartmak, derege ýaramsyz etdirmek.

    • Motoryňy görene mündürip harapladypsyň.

  2. Harap etdirmek, bulam-bujar etdirmek, hapalatmak.

    • Maşyn sürjek diýip, egin-başyňy harapladypsyň.

  3. Porsatdyrmak, yslandyrmak, zaýalatmak (iýilýän önümler hakda).

    • Ölen mallaryň etini wagtynda ibermän haraplatmak bolmaz.

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýar goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem haraplatmak - harapladýar, harapladar, harapladypdyr.


Duş gelýän formalary
  • harapladypsyň
  • harapladyň
  • haraplatmak