harap

[hara:p]

Zaýa, bozuk, ýaramaz, döwük.

  • Ol motor zada ýaramaýar, harap.

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem harap - haraby.

haly harap

Keýpi bozuk, keýpsiz, halsyz, mazasyz.

harap bolmak

  1. Döwlüp-ýenjilmek, ýykylyp-ýumrulmak, ulanyşdan galmak, bibat bolmak.

    • Ýa ýolda maşyn harap boldumyka?! (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

  2. Zaýalanmak, haraplanmak, erbetleşmek.

    • Dogrudan hem, munuň ýaly «kän» okasaň, gözüň harap bolaýmasyn! (B. Pürliýew, Ilkinji gün)

  3. Ýoldan çykmak, bozulmak, azmak.

    • Men bir harap bolan adam, başga hiç zat däl. (A. P. Çehow, Saýlanan eserler)

harap etmek

  1. Döwüp-ýençmek, ýykyp-ýumurmak, bibat etmek.

    • Ol agşama çenli köp ýeri harap etjekdi;.

  2. Zaýalamak, haraplamak, erbetleşdirmek.

    • Şol batly gaýdyşyma tara gazygy böwrümi harap etse-de ederdi. (A. Gowşudow, Powestler We Hekaýalar)