harç

Eklenç, ýaşaýyş üçin sarp edilýän serişde, harajat, pul, sowalga.

  • Emma ol özüniň her aýda alýan ýigrimi bäş manat aýlygyndan atynyň we özüniň iýýän harjy çykylandan soň, elinde galanjasyny Orazgüle getirip berýär. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

  • Men seniň ýol harjyňy bereýin. (Ata Salyh, Saýlanan eserler)

Ýazuw düzgüni

Çekimlisi uzyn aýdylýandygy üçin çekimli ses bilen başlanýan goşulma ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem harç - harjym, harjyň.

harç etmek

Sarp etmek, harçlamak, sowmak, ýoklamak.

  • Köp pul harç edip, iýer-içer ýaly zat aldylar. (N. Saryhanow, Saýlanan eserler)


Duş gelýän formalary
  • harjam
  • harjy
  • harjyny
  • harjynyň
  • harjyň
  • harjyňy
  • harjyňyz
  • harçlar
  • harçlarda
  • harçlary
  • harçlaryny
  • harçlyk