Arassa däl, tämiz däl, bulam-bujar, nejis, kirli.
Goçmyradyň aýaly jaýyny hapa saklamaýardy. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)
Kürümden çykan dek hapa ýüzleri, içeni bermeýär ygtyýar oňa. («Tokmak» žurnaly)
Süpürilip toplanan, bir ýere üýşürilen taşlandy, galyndy, dargaşyp ýatan, galan-gaçan, gyýkyndy zatlar.
Ýel her näçe güýçli bolsa-da, ähli hapany öz ugry bilen äkidip bilmeýär. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Süpürilip toplanan hapalary ýörite ýaşçiklere dökmeli.
Ýuwundy, galyndy, dökündi.
Kir, çyrşak.
Erbet, ýaman, gödek.
Sen doňuz, haramzada -- diýip, hapa sögünçler bilen ýaman-ýaman sögýärdi. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)
Başga zatlar goşulyp, zaýa bolmak, hapalanmak.
Eger-de skwažina nebiti gum bilen ýa üýk bilen gatyşdyryp berýän bolsa, onda şujagaz nebit hapa bolardy. (B. Kerbabaýew, Nebitdag)
Keýpiň bozulmak, gussa çekmek, gamlanmak, gaýgylanmak.
Ol Aman dagyny ýatlap, has hem hapa boldy. (B. Soltannyýazow, Kümüş)
Üst-başyňy hapalamak, kir etmek.
Erbet işe bulaşyp, biabraý bolmak.
Gör, hiç kim seniň hapaňa bulaşasy gelenok! (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)