hanjar

  1. Könelişen söz Gysga saply, iki ýüzli sowuk ýarag, gama.

    • Ýürek paralandy, dürtüldi hanjar, Müýnli sözi çykdy onuň naýynjar. (A. Kekilow, Saýlanan eserler)

  2. Göçme manyda Naýza görnüşli düşýän ýiti şöhle.

    • Kirpikleriň gül hanjary, Nurlandyrýar ähli ýeri, Haýran etdi gözelleri, Seniň gözleriň, gözleriň. (A. Omarowa, Goşgular)

hanjar urmak

Awundyrmak, ýara salmak, ýiti urgy indermek.

  • Annatuwak, dädemiň ýaraly ýüregine hanjar urmaga seniň nähili ynsabyň çatýar?! («Sowet edebiýaty» žurnaly)

yşk hanjary

seret yşk


Duş gelýän formalary
  • hanjara
  • hanjardan
  • hanjarlar
  • hanjarlary
  • hanjarlarynyň
  • hanjarly
  • hanjary
  • hanjaryn
  • hanjaryny
  • hanjaryny-da
  • hanjarynyň
  • hanjaryň