hamyr ha‧myr at

[hamy:r]

Suw garylyp, undan ýugrulýan goýy massa, suwda eredilen un.

  • Hamyrym ajap barýandyr, tamdyra odun elteýin. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

  • Ne hamyr, ne petir, ne toýa ýarar, ne ýasa. (nakyl)

hamyrdan gyl sogrulan ýaly etmek

Gepsiz, gürrüňsiz, örän ýuwaş, mylaýymlyk bilen, duýdurman.

  • Seni hamyrdan gyl sogrulan ýaly edip, alyp gaýdandyryn. («Görogly» eposy)


Duş gelýän formalary
  • hamyra
  • hamyrda
  • hamyrdan
  • hamyrdy
  • hamyrlam
  • hamyrlary
  • hamyrlaryny
  • hamyrlaryň
  • hamyrly
  • hamyrlyk
  • hamyry
  • hamyry-da
  • hamyrym
  • hamyrymy
  • hamyrymyzy
  • hamyrynda
  • hamyryndan
  • hamyryny
  • hamyrynyň
  • hamyryň
  • hamyryňy