hamala ha‧ma‧la

[hama:la]

«Ýaly, göýä, edil» manysynda deňeşdirilmegi aňlatmak üçin ulanylýan söz.

  • Göwni bilen gepleşýän dek hamala, Pyşyrdap soraglar berýär Amana. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  • Hamala diýersiň, özleri okap Eflatunyň deňine ýeten ýaly, meni durmuşdan galak hasaplap pyzdylar. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)