ham ham

[ha:m]

  1. Sygyr, düýe, ýaby we ş. m. mallaryň tüýi, ýüňi bilen soýlup alnan derisi.

    • Siz ölen mallaryňyzyň hamyny ýok etmäň! (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)

  2. seret deri

    • Gar ýaly ak alkymlarynyň hamy garalypdy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

    • Ýazbibiniň ýaňaklarynyň hamy bir dartylyp, bir ýazylyp başlady. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  3. Ýörite işlenip taýýarlanylan gön.

    • Skiflerde hamdan ýasalan gaplar bolupdyr. (Gadymy dünýä taryhy)

  4. Dialektal söz seret çig

hamy galňamak

Diýlen-aýdylany ýüze almazlyk.

hamyny soýmak

Ezýet berip horlamak, öldürmek, talamak.

  • Bular tüýs biziň hamymyzy soýýarlar. (A. Gowşudow, Powestler We Hekaýalar)


Duş gelýän formalary
  • hama
  • hamady
  • hamam
  • hamda
  • hamdan
  • hamdy
  • hamdyr
  • hamlar
  • hamlary
  • hamlaryna
  • hamlaryny
  • hamlaryň
  • hamly
  • hamsyz
  • hamy
  • hamy-da
  • hamydy
  • hamydyr
  • hamym
  • hamymyz
  • hamyn
  • hamyna
  • hamynda
  • hamyndan
  • hamyny
  • hamyny-da
  • hamynyň
  • hamyň
  • hamyňy
  • hamça