halys ha‧lys

[ha:ly:s]

  1. Ak, arassa, sap, tüýs, hakyky, çyn, diňe.

    • Ýoldaş, gandym, men seniň bilen dostlarça, halys ýürekden sözleşmek isleýärin. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

    • Birnäçe gün geçenden soň, oýun halkasyndan aşygy sürüp, halys puluň özi bolup galdy. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

  2. Düýbünden, bütinleý, gutarnykly.

    • Myraly halys ysgyndan düşüpdir. (Myraly)

    • Onuň şeýle bolgusyz gylyklary degnama halys degdi. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)

halys bolmak

Bütinleý ýadamak, bizar bolmak, irmek.

  • Halys bolansoňlar töwella edip, süýrediler ony elinden tutup. («Sowet edebiýaty» žurnaly)


Duş gelýän formalary
  • halysam
  • halysdy
  • halysy
  • halysy-da
  • halysydyr
  • halysyn
  • halysyna
  • halysynda
  • halysyndan
  • halysyny
  • halysynyň