halypalyk ha‧ly‧pa‧lyk

[haly:palyk]

Halypa bolmaklyk, halypa bolup, hünär öwretmeklik, halypanyň käri, ýagdaýy.

  • Agasy Goçmyrat halypalyk edip öwredýärdi. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem halypalyk - halypalygy.


Duş gelýän formalary
  • halypalyga
  • halypalykda