[ha:lylyk]
Haly dokamak üçin niýetlenen (ýüň, ýüp we ş. m. zatlar).
Nabat bolsa iliň halylyk ýüňüni egrerdi ýa-da ýüpegini towlardy. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem halylyk - halylygy.