halyk

[ha:lyk]

  1. Howudyň aşagyndan, düýäniň arkasyna atylýan ortasy deşik keçe.

    • Bu derýa balyklydyr, Düýämiz halyklydyr. («Türkmen Halk Şahyrana Döredijiligi»)

  2. Düýäniň howudynyň üstüni örtmek üçin ýörite bezeg ýapysy.

    • Düýeleriň howutlaryna halyklar gerilýärdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  3. Könelişen söz Ýaradan, döreden, Hudaý.

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem halyk - halygy.