halka

  1. Ýüpüň, sapagyň ujunda bir zadyň daşyna geýdiräýer ýaly edilip baglanýan bagyň bir görnüşi.

    • Ýüpüň bir ujuny halka et-de, gazykdan ildir!

  2. Iki ujy biri-birine berkidilen tegelek.

    • Zynjyryň bir halkasy açyldy.

  3. Sport termini Gimnastika maşklary ýerine ýetirilýän, ýüpüň ujuna berkidilen sport enjamy.

    • Biri gollaryna bar güýjün berip, Halkada göwresin mäkäm saklaýar. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  4. Birnäçe zady ildirmek, düzmek üçin ulanylýan, simden ýasalan tigirçek.

    • Ol jübüleriniň birinden halka düzülen bir topar açar çykaryp, gulpy açjak boldy. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

  5. Gepleşik dili Aýlaw, töwerek.

  6. Bir topar adamlaryň üýşen märekesi, üýşmegi, döwre.

    • Ýaş ýigitler ýene gelşip, oturylyşyk halkasyna goşuldylar. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

    • Ýeňsede ýatan duşman halkasyny böwseris. (A. Gowşudow, Powestler We Hekaýalar)

  7. Weterinariýa Düýäniň bokurdagyndan süňk döräp dem almasyny kynladýan, bokurdagyny bogýan kesel.