halat1 at

  1. Geýim, don.

    • 10 legen çelpek, 8 bedre palaw, 12 ýüpek halat bar. («Tokmak» žurnaly)

    • Aslynda galyň töläp, ýerli-ýerinde halat-serpaýyny jaýba-jaý edip öýlendirmäge garryda güýç ýokdy. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

  2. Aýry-aýry ýagdaýlarda keselhanalarda, laboratoriýalarda eşigiň üstünden geýilýän ýektaý pisint giň we uzyn geýim.

    • Egnindäki ak haladyny çykaryp, tamyň diwaryndan asdy. (B. Gurbanow, Duşuşyk)

  3. Birine sylag hökmünde berilýän serpaý, sowgat.

    • Ýelli, sen ýöne haladyňy taýýarlaber, işleriň hemmesi oňuna boldy. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem halat - halady.

halat2 at

[ha:lat]

  1. Wagt, döwür, zaman, mahal, pursat.

    • Şol halatda radio söze başlady. (B. Kerbabaýew, Aýlar)

    • Men şol halatda onuň iki aýagyndan ýapyşdym. (Myraly)

  2. Ýagdaý, ahwalat.

halat3 at

[ha:lat]

Dini düşünje boýunça: gudrat, ajaýyp güýç.