halal

[hala:l]

  1. Dini söz Yslam dininiň kada-kanuny boýunça ygtyýar edilen, kada-kanunyna laýyk gelýän, makul tapylan, haram däl.

    • Men halal mallaryň doktory. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)

  2. Göçme manyda Kanuny, hakyky, hak, sap, arassa.

    • Sap zähmetiňden önen halal girdejiň bilen ýaşamagyň gerek. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

    • Tüýs öz daban azabym, zähmet hakymdan emele gelen halal zadym -- diýýärdi-le. («Sowet Türkmenistany» žurnaly)

  3. Mynasyp bolan, bap gelýän.

    • Ata kesbi-ogla halal. (nakyl)

halalyň bolsun!

Biriniň garaşylmadyk bir işi edenligine, etjekligine geň galyp ýa-da makullanyp aýdylýan aňlatma.