halaýyk

[hala:ýyk]

Könelişen söz Toplanan märeke, halk, jemende, üýşmek.

  • Arzuw eýlän halaýyklar saňa ýetmek isleýär. (A. Kekilow, Saýlanan eserler)

  • Gyzlarym, bu hala ähli halaýyk, Geň galar. Şol sergä şu haly laýyk. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem halaýyk - halaýygy.