hal1 at

[ha:l]

  1. Durmuş, ýagdaý, ahwal, gujur, tap.

    • Aýna Şekeriň şol halyny aňlaýardy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

    • Aýna, ejeňiziň haly agyr! (B. Gurbanow, Duşuşyk)

  2. Grammatik termin Işliklere baglanyp, işiň, gymyldy-hereketiň neneňsi we nähili ýagdaýda hasyl bolýandygyny bildirýän söz topary.

haldan düşmek

Güýçden aýrylmak, ysgyndan gaçmak, kuwwatsyzlanmak.

  • Bu wagtlar Wiktor haldan düşüpdi. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

hal2 at

[ha:l]

Adamyň ýüzünde, bedeninde bolýan gara meň, gyzylymtyl tegmil.

  • Ak ýüzüňde goşa hallaryň bardyr. (Ata Salyh, Saýlanan eserler)

  • Nokatlaryň ýitigsije garasy alma ýaňaklaryň halyna meňzeş. (K. Gurbannepesow, Goşgular)