[haky:kat]
Çyn, dogry, hakyky, hak.
Biri diýdi: -- Men onuň çyn hakykat daýysy. (A. Kekilow, Saýlanan eserler)
Onuň öleni hakykat, oňa hiç şek-şübhe ýok, indi Wepa bu dünýäde ýok. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)
Hakyky bar bolan zatlar, adamlaryň ýaşaýşynyň obýektiw şerti, reallyk, durmuş.
Eger düşünjeler hakykaty dogry suratlandyrýan bolsalar, olar diňe şonda dogrudyrlar. (S. N. Winogradow, A. F. Kuzmin, Logika)
Ine, hakykatyň öňünde özüni ýazykly edip, onuň tapan gürrüňi hem şu boldy. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)