haklaşmak hak‧laş‧mak işlik

  1. Algy-bergi bilen üzülişmek, hasaplaşyk etmek, hasaplaşmak.

    • Gaba telpeklerini dyzynyň üstüne taşlap, haklaşjak bolup oturan ýaş ýetginjekleriň käbirini sehleriň gapysynda görmek bolýardy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  2. Göçme manyda Ar, öç almak.

    • Men haklaşaýyn diýsem, arzasyz hem haklaşyp bilerin. (N. Saryhanow, Saýlanan eserler)


Duş gelýän formalary
  • haklaşaryn
  • haklaşarys
  • haklaşaýyn
  • haklaşdy
  • haklaşjak
  • haklaşmaga
  • haklaşmagyň
  • haklaşmak
  • haklaşmakçy
  • haklaşyp
  • haklaşýar