Heý, gepiň hak çykan wagty boldymmy? (G. Kulyýew, Köpetdagyň aňyrsynda)
Bu gürrüň hakmy, nähakmy, onçasy mälim däl. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)
Her bir adamynyň agaç çapmaga haky bar ekeni. (Orta asyrlar taryhy)
Öz söýgüsine wepadar, ykraryna berk, päk kalply bir söýgüli tapan bolsaň, meniň ol ara düşmäge hakym ýok. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)
Hakykata laýyk gelýän, adalatly, ýerlikli, dogry.
Siziň ony urýanyňyzy kim hak diýip bilse, şol adamyny meniň ýanyma alyp geliň! (Myraly)
Dini söz seret hudaý
Men onuň hojalyk işlerine gatyşmagymy bes etdim we onuň işlerini (özüni-de) haka tabşyrdym. (A. S. Puşkin, Saýlanan eserler)
Edilýän işe, çekilen zähmete tölenýän pul, aýlyk-günlük, muzd, töleg.
Olar talaban durup, goýun bakyp alan haklarynyň hem bir köpügini sowman, kakasyna getirip tabşyrardylar. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)
Gowy işleseň, hakyňy hem artdyryn, geýim-gejim hem ederin. (G. Muhtarow, G. Seýitliýew, Çopan ogly)
Bölünişikde ýetýän paý, ülüş, bölek.
Ol hemme zatdan hakyny aljak bolup, iki elini ýaryşdyryp işleýärdi. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)
Mirasdan ýumruk ýetse-de hakyňy al. (nakyl)
Alynmaly zat, öz zadyň, algy.
Ol hiç kim bilen höwesjeň gürleşmän, degşip-oýnaşman, birinde haky köýen ýaly sortdurylyp, gyşarylyp ýörýärdi. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Ala gargada hakym bolsa, gyş gelmese, ýaz geler. (nakyl)