[ha:da]
Uzyn syrdam agaç, ýaba.
Aýdaw kör eline hadasyny alyp çykdy. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)
Hada dikilip edilen galalary-da, diwarlary-da uzakdaky ullakan ýangynyň ýalkymy bilen öçügsi yşyklanyp görünýärdi. («Edebiýatdan hrestomatiýa»)
Ýer ölçeýän atanak agaç bilen ýer bölünişigi.
Suw sanaşygynda, hada paýlanyşygynda agzyňyz mumly ýaly jyňkyňyzy çykaraňzok. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Ýalňyş barada habar ber Söz hödürle
Sözlükde tapmadyk sözüňizi bize hödürläň we biz onuň düşündirişini tapmaga synanyşarys.