habardar

[habarda:r]

  1. Bir zat barada giň maglumaty bar bolan, maglumatly.

    • Uruşdan kimiň bähbit araýanyndan Aşyr habardardyr. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  2. Bir zat barada habary bolan, habarly.

    • Aşyr onuň gazabyndan habardar bolany üçin, özüni bildirmezligini haýyş etdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  3. Ätiýaç, seresap, ägä.

    • Seniň habardar gezmegiň gerek, şol göhert türkmençilik etse-de edibir. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

    • Dumly-duşuňdan habardar bolmak gerek. (A. Gowşudow, Powestler We Hekaýalar)