haýyr ha‧ýyr at

  1. Peýda, nep, girdeji.

  2. Bähbit, goldaw, ýardam.

    • Suwaryşyň düzgüni näçe dogry bellense, suwarmakdan gelýän haýyr şonça hem köp bolar. (F. G. Sewostýanow, Türkmenistanda gowaçanyň suwarylyşy)

    • Ol bende iliň haýry üçin kärende bahanasy bilen dünýäniň puluny berenmiş. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

    • Kakasy, bu haýyr tapan öýümizi har etmän, ol ýerde ýygnap goýaýaly! -- diýdi. (N. Saryhanow, Saýlanan eserler)

    • Her işiň haýry ýagşydyr, toýuň gelşigi bagşydyr. (nakyl)

  3. Gepleşik dili Bolýar, ýagşy, lepbeý.

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli sese başlanýan goşulma goşulanda, ikinji bogundaky dar y çekimlisi düşürilip ýazylýar.

Meselem haýyr - haýry.

agzyňy haýyr açmak

seret agyz

  • A gyz, Gülsüm, päliň-niýetiň nähili? Agzyňy haýyr açgyn! (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

ugur haýyr bol-a!

seret ugur

  • Myrat olary görüp: -- Ýeri dostlar, ugur haýyr bol-a! -- diýdi. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)


Duş gelýän formalary
  • haýra
  • haýry
  • haýrydyr
  • haýrym
  • haýrymdan
  • haýrymyza
  • haýrymyzy
  • haýryna
  • haýryndan
  • haýryny
  • haýryň
  • haýryňa
  • haýryňy
  • haýryňyza
  • haýyrdan
  • haýyrdy
  • haýyrdygy
  • haýyrdyr
  • haýyrlaryna
  • haýyrly
  • haýyrlydyr
  • haýyrlyk
  • haýyrlylyk
  • haýyrlysy
  • haýyrmy
  • haýyrsyz
  • haýyrsyzlyk