Birinden ýa-da bir zatdan heder etmek, özünden ökde görüp çekinmek, geň görmek, haýran bolmak, sustun basylmak, geňirgemek.
Artyk onuň şol wagtky keşbini görende haýykdy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Ol gulagy bilen eşiden zadyna haýygan ýaly gözüni petretdi. (G. Kulyýew, Köpetdagyň aňyrsynda)
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýar goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem haýykmak - haýygýar, haýygar, haýygypdyr.