haýyş

[ha:ýyş]

  1. Bir zerurlygy, islegi kanagatlandyrmak barada birinden edilýän towakga, ýüz tutma.

    • Biziň saňa arzymyz bar, dogrusy, haýyşymyz bar! (B. Pürliýew, Ilkinji Gün)

    • Aýnanyň haýyşy, enäniň nalyşy ony wagtlaýyn köşetdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly Ädim)

    • Ol meniň ähli haýyşlaryma -- Bolýar janym! -- diýip jogap berdi. (N. Pomma, Taýlak Hyzzyn)