Tertibi boýunça belli birini, köp zadyň birini görkezip gelýän ýa-da «neneňsi?, nähili?, nätüýsli?» diýen manydaky sorag aňladýan çalyşma.
Bilmedim men, haýsy bagyň, Haýsy bakjaň lälesi sen. (G. Muhtarow, G. Seýitliýew, Bagbanyň gyzy)
Bilmen, seň bu börügňi haýsy haýýar biçipdir; iň bolmanda üstünden on-on bäş ýyl geçipdir. (Nury Annagylyç, Saýlanan eserler)
Çagalar onuň haýsy haýwandygyny bir bada hakydalaryna getirip bilmediler. (B. Gurbanow, Çarwa Mergeniň gürrüňi)
Men bir özüm haýsy deşige girsem hem sygaryn. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
seret aş
Döwür üýtgemedik bolsa, Aýgül haýsy aşyň gatygy bolup biljekdi? («Sowet edebiýaty» žurnaly)