haýran haý‧ran

[haýra:n]

  1. Geň, täsin.

    • Munuň gönümel, sada, gepe çeper bolşuna haýran! (B. Kerbabaýew, Nebitdag)

    • Nepes aga şu işe haýran galyp durandyr. (Ata Salyh, Eserler)

    • Mawynyň agzyna gelişmeýän manyly sözlere Artyk haýran galdy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  2. Birine ýa-da bir zada gaharyň gelip aýdylýan käýinç söz.

    • Bu haýrany näme üçin saklaýandyr öýdýärsiň! («Türkmen pýesalary»)

    • Nä derdiňe ýaratjak, Bu zyňyndy haýrany. («Mydam taýýar» gazeti)


Duş gelýän formalary
  • haýran-da
  • haýrana
  • haýranam
  • haýranda
  • haýrandy
  • haýrandyr
  • haýranlar
  • haýranlygy
  • haýranlyk
  • haýransyz
  • haýransyň
  • haýrany
  • haýranym
  • haýranyň