haýallyk

  1. Ýuwaş hereketlilik, ýuwaşlyk, gowşaklyk.

    • Asmanyň bir çetinden turan bulutlar bölek-sölek haýallyk bilen göçýärdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  2. Agraslyk, äwmezeklik, ýuwaşlyk, ysgynsyzlyk.

    • Onuň ozal hem ysgynsyz sesi örän haýallyk bilen gelýärdi. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem haýallyk - haýallygy.


Duş gelýän formalary
  • haýallygy
  • haýallygyna
  • haýallygyndan
  • haýallygyny
  • haýallykda
  • haýallykdan
  • haýallyklar