haýallatmak işlik

  1. Badyny gaçyrtmak, hereketini peseltmek, ýuwaşatmak, gowşatmak.

    • Oglanlar mekdebiň gapdalyna gelenlerinde, ädimlerini haýallatdylar. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  2. Halyny agyrlaşdyrmak, ysgyndan gaçyrmak, peseltmek.

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýar goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem haýallatmak - haýalladýar, haýalladar, haýalladypdyr.