haý haý 1

Güýç, kuwwat, gujur.

  • Ol tebibiň haýy gidip, waýy galypdyr. («Tokmak» žurnaly)

  • Atageldi demigip haýy gaçan gurbagany onuň jübüsine saldy. (B. Seýtäkow, Döwürdeşler)

haýy gaçmak

  1. Bady ýatmak, gowşamak, ýuwaşamak.

  2. Ýyrtylyp ýa-da ýykylyp başlamak, könelmek, ugry gaçmak.

    • Ýegşerdipdir agyr durmuş, jaýlaryň-da gaçdy haýy. (Çary Aşyr, Poemalar)

haýyny almak

haýyny gaçyrmak

Badyny ýatyrmak, howuny almak, gowşatmak.

  • Soňky söz Agsak mürzäniň haýyny gaçyrdy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

haý haý 2 ümlük

Bir işi makullamaklygy ýa-da oňa pisindi oturmazlygy aňladýan ümlük; ah, wah, arman.

  • Haý, berekalla! -- diýip, açarlary alyp synlap görse, edil öz jübüsindäki açarlaryň taýy eken. (Myraly)

  • Haý, Läle, bilmedim. Elbetde, täsir edip bilseňiz, gowy bolardy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  • Haý, seniň edeniň bar bolsun!

haý diýmek

Eden etmişi, garagolçulygy üçin käýemek, ýazgarmak.

haý diýmän

Salymyny bermän, derrew, basym, tiz.

  • Siziň ogluňyz Myrat, haý diýmän ýetişer. (B. Kerbabaýew, Hekaýalar)


Duş gelýän formalary
  • haýa
  • haýam
  • haýda
  • haýdady
  • haýdan
  • haýdym
  • haýdyr
  • haýdyň
  • haýly
  • haýsyň
  • haýy
  • haýydyr
  • haýym
  • haýymyzam
  • haýyn
  • haýyny