haç

Hristian dininiň atanak görnüşli simwoly.

  • Ony haça çokundyrmak meniň kelläme geldi. (M. Ý. Lermontow, Biziň zamanymyzyň gahrymany)

Ýazuw düzgüni

Çekimlisi uzyn aýdylýandygy üçin çekimli ses bilen başlanýan goşulma ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem haç - hajym, hajyň.


Duş gelýän formalary
  • haja
  • hajy
  • hajydyr
  • hajymdyr
  • hajymyz
  • hajyn
  • hajynam
  • hajyny
  • hajynyň
  • hajyň
  • haçdan
  • haçdyr
  • haçja
  • haçlar
  • haçlary
  • haçlaryň
  • haçly
  • haçlylar
  • haçlylara
  • haçlylary
  • haçlylaryň
  • haçsyz